[ö:z]
Gaýdym çalyşmasy.
Seniň garry eneň öz öýüni saklap otyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Özüň süýt bilgin dostuňy-gaýmak. (nakyl)
Öz gadyryn bilmedik, il gadyryn näbilsin. (nakyl)
Özüni öweniň tanapy çüýrük. (nakyl)
Özi eden ökünmez. (nakyl)
Öz elim, öz ýakam. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem öz - özüm, özüň.
Öz eden emeliňe özüň düşmek, öz guran hiläňe özüň çolaşmak.
seret çukur
seret göbek
seret çekmek
Ol gyssag arada garawula ýüz tutdy, ony öz ýanyna çekip bilerin hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Özüňe diýen etdirip bilmezlik, özüňe erk edip bilmezlik.
Huşuň düzelmek, aklyňa gelmek, özüňi dürsemek.
Aşyr özüne gelende, gyzyl esgerleriň aýratyn bir ýagdaýa garaşýandyklaryny gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hemmelere ýaramak, özüňi halatmak, özüňi gowy gördürmek.
Sazanow işde özüni aldyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Belli bir gylykda, häsiýetde bolup, köpçülikde ýa-da başga ýerlerde özüňi saklap bilmek.
seret özüňi oklamak özüňi oklamak
Emma şäherlerde-de aç-açan gezip bilmän, gizlinräk ýol bilen Iwanyňka özüni atdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Beýhuş bolup ýatmaklyk, aklyňy ýitirmeklik.
Wepa özüni bilmeýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Özüňe gelmek, ynjalmak.
Biz Mommady halamazdyk, ol özüni bizden ýokary tutýardy ahyryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Özüňe erk edip bilmek etjek işiňe akylyňy ýetirmek.
Öz eliň öz ýakaň bolmak, hemme zat öz ygtyýaryňda bolmak, erk-ygtyýaryň eliňde bolmak, özüňçe hereket edip bilmek.
Bir zadyň ugrunda çendenaşa ynjalyksyzlanmak.
Bir ýere gyssagly baryp ýetmek.
Tyçenko şäheriň çetindäki tama özüni oklap, gün ýaşyp garaňky düşýänçä şondan çykman ýatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gün-güzeran görmek, öz başyňy özüň çarap, ýaşamagy başarmak.
Özüne erk edip bilmek, özüňi ele almak.
Özüňi dürsemek, normal ýagdaýa gelmek, ruhlanmak.
Özüňe erk edip bilmek, özüňe buýurmak.
Özüňe seretmek, özüňe garaşyk etmek.
Daýanmak, sagalmak, janlanmak.
Gurply durmuşda ýaşamak, gurplanmak.
Gögerip çykyp, ösüp başlamak.
Dargaman urmak bitin bolmak.
Gyssanyp näme etjegiňi bilmän durmak, çaşmak, aljyramak.
Heläkçilikli ýagdaýda özüňi ýitirmek.
Agyr syrkawyň ýanynda özüňi ýitirmek.
Bir zatda bolan çeýelik, häsiýet.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem öz - özüm, özüň.