öwrenişmek öw‧re‧niş‧mek işlik

  1. Endik etmek, türgenleşmek.

    • Emma ol bu ýagdaýa tiz öwrenişdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Öwrenişen ýagy uruşmaga ýagşy. (nakyl)

  2. Ysnyşyp başlamak, ysnyşmak.

    • Röwşen az günüň içinde adamlar bilen öwrenişip, gep-söz öwrenmäge başlady. («Görogly» eposy)

    • Biz onuň bilen öwrenşipdik. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Uýgunlaşmak.

    • Kynçylyklar bilen öwrenişmeli bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • öwrenişdi
  • öwrenişdik
  • öwrenişdiler
  • öwrenişdim
  • öwrenişdir
  • öwrenişemok
  • öwrenişen
  • öwrenişende
  • öwrenişenden
  • öwrenişendiginden
  • öwrenişendigine
  • öwrenişendir
  • öwrenişenem
  • öwrenişeni
  • öwrenişeniňden
  • öwrenişenler
  • öwrenişenlerinden
  • öwrenişenligi
  • öwrenişensoň
  • öwrenişer
  • öwrenişerdiler
  • öwrenişersiň
  • öwrenişibem
  • öwrenişip
  • öwrenişipdi
  • öwrenişipdiler
  • öwrenişipdim
  • öwrenişipdir
  • öwrenişipdirin
  • öwrenişipdirler
  • öwrenişiň
  • öwrenişjek
  • öwrenişme
  • öwrenişmedik
  • öwrenişmedikdi
  • öwrenişmegi
  • öwrenişmegine
  • öwrenişmegiň
  • öwrenişmek
  • öwrenişmekde
  • öwrenişmekleri
  • öwrenişmeklige
  • öwrenişmekligi
  • öwrenişmeklik
  • öwrenişmeli
  • öwrenişmelidi
  • öwrenişmesem
  • öwrenişmesi
  • öwrenişmezdim
  • öwrenişmezligini
  • öwrenişmäge
  • öwrenişmän
  • öwrenişmändi
  • öwrenişmändirin
  • öwrenişmänsoň
  • öwrenişäýdi
  • öwrenişäýmeli
  • öwrenişýän
  • öwrenişýänçä
  • öwrenişýär
  • öwrenişýärdi
  • öwrenişýärin
  • öwrenişýärler
  • öwrenişýärmi