öwürmek işlik

  1. Yzyna aýlamak, yzyna gaýtarmak, bir tarapdan beýleki tarapa dolamak.

    • Kakasy bilen ejesi ýüzlerini öz tamlaryna baka öwrüp oturdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir ugra ýüzlendirmek, bir tarapa gönükdirmek.

    • Türkmen pulemýot komandasy söweşiň iň gyzgalaňly wagtynda öz pulemýotlaryny aklara bakan öwürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Bir görnüşden başga bir görnüşe geçirmek, öňki görnüşini üýtgetmek, täze görnüşe salmak.

    • Garagum kanalynyň suwy meýdany lälezarlyga öwürjek. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Ol maşyn agajy kagyz topbagyna öwürdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  4. Daşyna aýlamak, daşyna oramak.

    • Aýagynyň sargysyny ýene bir gezek öwrüp deňdi.

  5. Bir ýüzünden ikinji ýüzüne agdarmak, düňdermek.

    • Kerpijiň ol ýüzüni öwür!

  6. Göçme manyda Alyş-çalyş etmek, söwda etmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem öwürmek - öwrer, öwrüpdir.

ýüz öwürmek

seret ýüz 1


Duş gelýän formalary
  • öwreliň
  • öwren
  • öwrende
  • öwrendi
  • öwrendigine
  • öwrendigini
  • öwrendik
  • öwrendikler
  • öwrendiklerine
  • öwreni
  • öwreninden
  • öwrenini
  • öwreniň
  • öwreniňde
  • öwreniňe
  • öwrenlerinde
  • öwrenligiň
  • öwrensoň
  • öwrer
  • öwrerdi
  • öwrerdik
  • öwrerdim
  • öwrerin
  • öwreris
  • öwrerler
  • öwrerli
  • öwresi
  • öwrübem
  • öwrüp
  • öwrüpdi
  • öwrüpdiler
  • öwrüpdim
  • öwrüpdir
  • öwrüpdir-de
  • öwrüpdirler
  • öwrüpsiňiz
  • öwrüň
  • öwürdi
  • öwürdi-de
  • öwürdik
  • öwürdiler
  • öwürdim
  • öwürdim-de
  • öwürdimmi
  • öwürdiň
  • öwürdiňiz
  • öwürjege
  • öwürjegini
  • öwürjek
  • öwürjekdiklerini
  • öwürme
  • öwürmedi
  • öwürmedik
  • öwürmediňiz
  • öwürmegi
  • öwürmegidir
  • öwürmegim
  • öwürmegimi
  • öwürmeginde
  • öwürmegine
  • öwürmegini
  • öwürmeginiň
  • öwürmegiň
  • öwürmegiňizi
  • öwürmejegim
  • öwürmejekdigine
  • öwürmejekdigini
  • öwürmejekdiklerini
  • öwürmek
  • öwürmekde
  • öwürmekden
  • öwürmekdir
  • öwürmekleri
  • öwürmeklerinden
  • öwürmeklerine
  • öwürmeklerini
  • öwürmeklige
  • öwürmekligi
  • öwürmekligiň
  • öwürmeklik
  • öwürmeklikde
  • öwürmekçi
  • öwürmelere
  • öwürmeleri
  • öwürmeli
  • öwürmelidiginden
  • öwürmelidigini
  • öwürmelidir
  • öwürmesi
  • öwürmez
  • öwürmezden
  • öwürmezligi
  • öwürmeýän
  • öwürmeýär
  • öwürmeýärdi
  • öwürmäge
  • öwürmäli
  • öwürmän
  • öwürmändi
  • öwürmäniň
  • öwürse
  • öwürse-de
  • öwürseler
  • öwürsem
  • öwürseň
  • öwürsin
  • öwürýän
  • öwürýändigi
  • öwürýändigini
  • öwürýändigiňiz
  • öwürýändikleri
  • öwürýändiklerini
  • öwürýändir
  • öwürýäne
  • öwürýäni
  • öwürýänini
  • öwürýänleriň
  • öwürýänligi
  • öwürýär
  • öwürýärdi
  • öwürýärdiler
  • öwürýärdim
  • öwürýäris
  • öwürýärler