ötmek işlik

  1. Geçip gitmek, gapdalyndan, üstünden geçmek.

    • Ýetip hem durmadym, duşundan ötdüm. («Tokmak» žurnaly)

    • Agaryp ýatan medanyň üstünden öten badymyza ýaşaýyş jaýlary göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Geçmek (wagt hakynda).

    • Ýene bir ýyl ötensoň, men hem mekdebe gitjek. («Mydam taýýar» gazeti)

  3. Ozup geçmek, öňe geçmek, ýeňmek, ozmak.

  4. Satyn alynmak, satylmak, geçmek.

    • Harytlaryň ötmän galjagy ýok.

  5. Göçme manyda Ýaşap geçmek, ölüp gitmek.

    • Danteniň gumanizmiň öň ýanynda ötüp geçen adamdygy bildirip dur. (Orta asyrlar taryhy)

  6. Bedene ýiti täsir etmek, awuşatmak, agyrtmak.

    • Sogan arassalanyňda göze ötýär.

    • Göze guýlan derman ötýär.

    • Ýod ýara ötýär.

  7. Günäsini geçmek, bagyş etmek, ýazygyny bagyşlamak.

  8. Kesip bilmek, gowy kesmek (Palta, pyçak we ş. m. hakda).

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ötmek - ötdüm, ötdüň, ötüpdir.

dişiň ötmek

seret diş

  • Seniň oňa dişiň ötmek, şu aýdan sözleriňi ýanynda aýdyp hem bilmersiň.

dünýäden ötmek

Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek.

  • Şähere bu salkyn kölegeli bagy beren bagdan bir wagt dünýäden ötdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sözüň ötmek

seret söz

  • Sözüň ötjek adamlar bilen gürleş! («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ötdi
  • ötdi-de
  • ötdügi
  • ötdük
  • ötdüler
  • ötdüm
  • ötdüňiz
  • öteli
  • öten
  • ötende
  • ötenden
  • ötendigine
  • ötendigini
  • ötendir
  • ötene
  • ötenem
  • öteni
  • ötenin
  • ötenine
  • ötenini
  • öteniňde
  • ötenler
  • ötenleriň
  • ötenmi
  • ötenmiş
  • ötensoň
  • öter
  • öterden
  • öterdi
  • ötere
  • öterin
  • öterler
  • ötermi
  • ötermikä
  • ötersiň
  • ötersiňiz
  • öteýin
  • ötgün
  • ötjegini
  • ötjek
  • ötjekdim
  • ötme
  • ötmedi
  • ötmegi
  • ötmegim
  • ötmegini
  • ötmejegini
  • ötmejek
  • ötmek
  • ötmekdir
  • ötmeklerini
  • ötmeli
  • ötmelimi
  • ötmese
  • ötmesem
  • ötmesi
  • ötmesin
  • ötmez
  • ötmezden
  • ötmezlik
  • ötmeýän
  • ötmeýändigini
  • ötmeýär
  • ötmäge
  • ötmän
  • ötmändir
  • ötmäne
  • ötmänjik
  • ötmäň
  • ötse
  • ötse-de
  • ötsek
  • ötseler
  • ötseň
  • ötsün
  • ötsünler
  • ötäýmek
  • ötüp
  • ötüpdi
  • ötüpdir
  • ötüpdirler
  • ötüň
  • ötýän
  • ötýänligini
  • ötýänçä
  • ötýär
  • ötýärkä
  • ötýärler