[ö:rüm]
Saçyň örülişi işimi.
Şahyr goşgynyň dowamynda saçlary dört örüm Türkmen gyzlaryny taryplaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Enäniň çal saçlarynyň örümleri ýygyrt atam ýaňaklaryna dökülipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Çägesöw ýerlerde gazylan guýyny berkitmek üçin onuň iç ýüzüne sözen, ýylgyn ýaly agaçlar örülip edilen desga.