öllemek işlik

[ö:llemek]

Öl etmek, çyg çekdirmek, suwa ezmek, suw degdirmek.

  • Üstünde köp oýnalmakdan kä ýerleri süzülen matany suwa ölläp ýere ýazýarlar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

bogazy öllemek

seret bogaz 1

  • Bogazymyzy biraz ölläýmek gerek ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ölledi
  • öllemegi
  • öllemek
  • öllemekde
  • öllemeklik
  • öllemeli
  • öllemeýän
  • öllemäge
  • öllesek
  • ölleýän
  • ölleýändir
  • ölleýär
  • ölleýärler
  • ölleýärsiňiz
  • öllänok
  • ölläp
  • ölläpdir-de
  • öllär