ölçeg at

  1. Ölçeýiş. Uzynlyk ölçegi. Agram ölçegi. Kub ölçegi.

    • Metrik ölçeg sistemasy.

  2. Bir zadyň ululyk-kiçilik möçberi, gabarasy, nomeri.

    • Ondan aýakgabynyň ölçegini soradyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Möçber, mukdar.

    • Ol bu zatlaryň hemmesiniň dogry hasabyny hem ölçegini kolhozyň hojalyk hasaby boýunça belleşdiripdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  4. Edebiýat termini Şygyr setirleriniň, onuň bogun sanynyň normasy.

  5. Çen, çak, çäk.

    • Herki zadyň öz ölçegi ýagşy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • ölçegde
  • ölçegdedir
  • ölçegden
  • ölçegdäki
  • ölçege
  • ölçegi
  • ölçegidir
  • ölçegimiz
  • ölçegimize
  • ölçeginde
  • ölçeginden
  • ölçegindäki
  • ölçegine
  • ölçegini
  • ölçeginiň
  • ölçegiň
  • ölçegiňem
  • ölçegler
  • ölçeglerde
  • ölçeglerden
  • ölçeglerdir
  • ölçeglerdäki
  • ölçeglere
  • ölçegleri
  • ölçegleri-de
  • ölçegleridir
  • ölçeglerinde
  • ölçeglerinden
  • ölçeglerindäki
  • ölçeglerine
  • ölçeglerini
  • ölçegleriniň
  • ölçegleriň
  • ölçegleýin
  • ölçegli
  • ölçeglidir
  • ölçeglidirler
  • ölçeglik
  • ölçeglikde
  • ölçeglilige
  • ölçegliligi
  • ölçegliligidir
  • ölçegliligine
  • ölçegliligini
  • ölçegliliginiň
  • ölçegliligiň
  • ölçeglilik
  • ölçeglisi
  • ölçegsiz
  • ölçegsizdir