Bir zadyň ýüz tarapy, alyn tarapy.
Öňki wagtlar, ozal, öňürti, başda.
Şu teklip, şu pikir mundan bir hepde öň bolan bolsa bolmaýarmy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sen maňa öňler doganym diýýär diňle?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öň gelen orun alar. (nakyl)
Öň degen ýumrugyň täsiri artyk. (nakyl)
Öňüm gelenden, soňum gelsin. (nakyl)
Kömekçi söz rolunda: Äpişgäniň öňünde. Märekäniň öňünde.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem öň - öňüm, öňüň.
Her bir gelen, özüňçe bar-ýok, bolar-bolmaz, bolgusyz (adam hakda).
Her bir öň ýeten bilmeýän zadyny bilýän diýip otursa gaty gelşiksiz bolýar.
Işde, zähmetde görelde görkeziji, zarpçy.
Şahyryň tankydy esasynda ýaltalaryň arasyndan öňde baryjy kolhozçylar hataryna geçenleri hem boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýol görkezmek, ýolbaşçylyk etmek.
Geljegi göz öňüne tutmak.
Işi janlandyrmak güýçli depgin bilen alyp barmak.
Bir zadyň bolmagyna ýol bezmezlik, bir zatdan saklamak degişli çäre görmek.
Urşuň öňüni alyp bolar we onuň öňüni almak gerek.
Suwuň bisarpa tutulmagynyň öňüni almak gerek.
Bir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak.
Biriniň ýa-da bir zadyň ýoluny bölmek, ýoluny beklemek..