Degrip, çalyp hapalatmak.
Näme üçin, üzümiň şiresini egin-başyňa çyrşadypsyň?!
Göçme manyda Suwag etdirmek, suwag çaldyrmak.
Tamyň ýüzine palçyk çyrşatsaň bolmaýarmy?!
Göçme manyda Hat ýazdyrmak.
Aşyr öýde bolan bolsa, bir-iki setir çyrşadyp, ogluma hat iberjekdim.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çyrşatmak - çyrşadýar, çyrşadar, çyrşadypdyr.