Belli bir zadyň içinden saýlanyp aýrylmak, gitmek.
Indi bu öýden çykmak armanly ölmekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar. (nakyl)
Belentlige göterilmek, ýokary galmak.
Artyk gurşun ýaly akýan çägäniň belent raýyşyna çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Uçut gaýalaryň ýüzlerinden aýlanyp-dolanyp gidýän ýoda beýik dagyň depesine çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Öz wagtyndan öň peýda bolmak.
Ýaz ir çykypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýaşaýan ýeriňden göçüp gitmek.
Men ol jaýdan çykdym.
Gullukdan, işden aýrylmak.
Ol mekdepden çykypdyr.
Öňe saýlanmak, öň tarapa berilmek.
Tamyň burçy ileri çykyp dur.
Gäminiň burny suwdan çykyp durdy.
Ýaryşdan ozmak, öň gelmek.
Saýlawda obanyň aty çykdy.
Äre barmak, durmuşa gitmek.
Olaryň gyzy durmuşa çykypdyr.
Emele gelmek, dömmek.
Onuň boýnuna çyban çykypdyr.
Belli bir derejä ýetmek, barmak.
Bu oýnalýan oýnuň derejesi artyp, ozal bir köpük bolsa, soňabaka bir şaýa, iki şaýa, soň bir apbasa çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Ses gelmek, eşidilmek.
Ýene çykdy jaňyň owazy, Enaýy jaňňyrdap çagyrdy bizi. (A. Haýydow, Gök asman)
Gowaçanyň kä ýerinden hümürdi, käbir ýerinden bolsa, çasly gülki çykýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Kömekçi işlik funksiýasyndan gelip, ysnyşyp gelýän işlikleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar.
Üstün çykmak, garşy çykmak.
Kömekçi işlik funksiýasyndan gelip, ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde, gymyldynyň birnäçe gezek gaýtalanýandygyny, bolup gutaranyny görkezýär.
Aýdyp çykmak, barlap çykmak, seredip çykmak, görüp çykmak.