Hüjüm etdirmek, üstüne dökülmek.
Eziz Tejen şäherine Allaýar han bilen bile çozdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň bu gije ýa ertir şähere çozjagy-da şübhesizdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir süri bolup bir ýere eňmek, bir zada topulmak, bosmak.
Goýunlar suwa çozdy.
Göçme manyda Köpçülik bolup bir işe girişmek.
Üzüme çozýan serçeleri, sarlary sapanladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem çozmak - çozdum, çozduň, çozupdyr.