çow çow at

Gyňaç, geýim we ş. m. tikmek üçin mata gyýlanda emele gelýän ýiti üç üçburçlyk.

  • Nabat köne çit gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ol çiliň üstünde oturdy-da, saýawan ornuna kellesiniň üstüne örten ýüpek ýaglygynyň çowlary bilen ýüz-gözlerini süpürişdirdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem çow - çowum, çowuň.

çow almak

Gyňaç we ş. m. edilende üçburç edip kesmek.

  • Gyňaç tikilende çow almak.


Duş gelýän formalary
  • çowdur
  • çowdurlar
  • çowlam
  • çowlary
  • çowluga
  • çowlugy
  • çowlugymy
  • çowlugyny
  • çowlugynyň
  • çowluk
  • çowlukdan
  • çowly
  • çowy