Bir işi çeper ýerine ýetirijilik, nepis iş edijilik, çeperçilik, ussatlyk.
Myralynyň jogaby Soltansöýne ynjyly bolup eşidilse-de, onuň söz urşy, gepe çeperligi, dilewarlygy oňa ýarapdyr. (Myraly)
Hakykaty obrazly beýan edijilik, obrazlylyk, täsirlilik.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çeperlik - çeperligi.