Öz işine ökde, bir işi nepis ýerine ýetirýän, ussat.
Her hili çeper adamlar bar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Lap etdigiň däldir, bir ajap ýerdir, obamyzyň gelin-gyzy çeperdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ökdelik bilen edilen, ussatlyk bilen gowy edilen, örän oňat, nepis.
Çeper edilen iş çeper salnan nagyş.
Sungat işine degişli bolan.
Hakykaty obrazly beýan edýän, obrazly, täsirli.
Ol çeper edebiýat kitaplary-da okamagy söýýän adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Çeper sözleri çöpläp, näzik saýraýar dilim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Aýratyn hem şahyrçylyk talantyna eýe bolan käbir eneler köp sanly çeper hüwdüler döredipdirler. («Edebiýat»)