Suwuklyk guýulýan bili demir gurşawly agaç ýa-da demir gap.
Aňryňdaky duran suw çelege bir seret. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýag çelekleri biri-biriniň üstüne münderlenişipdir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýaşçik.
Bir çelek üzüm hem getiripdim -- diýip, Sähet öň ýanynda duran agzy gapakly ýaşçigi görkezdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Dialektal söz seret bedre
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çelek - çelegi.