Dartmak.
Bir zady bir ýerden ikinji ýere eltmek, göterip bilmek, süýşürmek, daşamak.
Terezide ölçäp agramyny bilmek, ölçäp bermek.
Terezide onuň ýüregini çekipdirler. (Gadymy dünýä taryhy)
Sogrup, çykaryp almak, çykarmak, sogurmak.
Goltugundaky kitaby çekip alypdyrlar.
Belli wagta çenli dowam etmek.
Garakçylaryň at saýlamak, nahar taýýarlatmak işleri bir sagada golaý çekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Geçirmek, salmak, eltmek.
Şäherden obamyza ýol çekdiler.
Gatnaşmaga höwes döretmek, girizmek, gatnaşdyrmak.
Içiňe sormak (çilim we ş. m. hakda).
Owal çekdim, mazasyny gant etdi, Atam-enem: --Barma! -- diýip pent etdi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Susup almak, çykarmak.
Guýudan suw çekmek.
Daş görnüşi, kesbi, gylyk-häsiýeti birine meňzetmek, çalym etmek.
Asyl seniň ýeläňe-ygyňa düşer ýaly däl, kakaňda-ha şeýle häsiýetlisi ýokdy, bilmedim sen kime çekdiňkäň?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Mal eýesine çekmese, şumluk. (nakyl)
El bilen süýüp almak, süýmek (ýüpek hakda).
Garry ene ýüň egirýär, gulaç dokaýar, onuň-munuň ýüpegini çekip berýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Syramak, tikmek (ýorgan hakynda).
Indi bir gaplap çekäýmesi galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýapmak, örtmek.
Ýelli haty hem alyp, içki jaýa girip, işigi çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Üwemek.
Degirmende un (bugdaý) çekmek.
Döl almak üçin çaknyşdyrmak (mal-gara hakda).
Bir zadyň özüne meňzedip şekilini almak.
Surat çekmek.
Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýan söz.
Azap çekmek.
Ejir çekmek.
seret ah 2
Içini tutup ah çekip, Ýamandy onuň haly. («Mydam Taýýar» gazeti)
seret arman 1
seret atanak
Ol ýaňky hatyň ýüzüne gyzyl galam bilen atanak çekdi.
seret aýak
Pökgeniň howlusynyň agzyna baran ýerlerinde Wüşi kel aýak çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret dar 2
Tagsyr, äkidip dara çeksinler! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret dert
Sen hem geler ýerde gelip çykaňok, Meniň bu derdimi bile çekeňok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret garyn 1
seret gol 1
Ejeň-de, eneň-de çekdi golyny. («Mydam Taýýar» gazeti)
seret göz
Onuň gözleri-de çekýän ýalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret güm