Ýygralyk etmek, utanmak, uýalmak, utanjyramak.
Baş üstüne, keýigim, näme işiň bolsa, çekinme-de buýruber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Sen bizden çekinme-de, Aýt halyň-ahwalyň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Ätiýaç etmek, heder etmek, birneme gorkmak.
Emma ol bu hakda Atageldi aga aýtmakdan çekindi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)
Özüň üçin çekmek.
Bugdaý çekinmek.
Ýüpek çekinmek.