çeke çe‧ke

Toýda iki tarap bolup, birinde çakgy we ş. m. zat gizläp tapmak şerti bilen oýnalýan oýun.

  • Oýunçylar oýun baýragyny orta goýup, iki bölünişip, çeke oýununa başlaýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

çeke durmazlyk

Pes oturmazlyk, gaça durmazlyk, çekilmezlik.

  • Gözel eje-de çeke durman: -- Seniň päliň-niýetiň ýamandyr! -- diýip haýkyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • çekedir
  • çekeli
  • çekeligi
  • çekelik
  • çekeliň
  • çekem
  • çekesi
  • çekesiň