çatmak çat‧mak işlik

  1. Ýyrtylan ýa-da sökülen ýeri depjemek, tikmek.

    • Geýimiň ýyrtylan ýerini çatmak.

  2. Ýüpüň, tanapyň, sapagyň we ş. m. ujuny birikdirip daňmak.

    • Iki ýüpüň ujuny çatmak.

  3. Iki ýa-da köp zady biri-birine baglamak, daňmak, seplemek.

    • Synandylar gol-aýagmy çatmaga, Öldürip läşimi gorpa atmaga. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Towlap tutup, golumy arkamda çatdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Är-heleý etmek, duşurmak.

    • Gara maňlaýdyr başym, on üç- on dörtdür ýaşym, altmyş ýaşla çatdylar, kakladylar bu läşim. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

  5. Gepleşik dili Ýeterlik bolmak, etmek.

    • Göteren azygymyz zordan üç güne çatdy.

akyl çatmak

Zadyň düýbüne düşünmek, düşünjäň ýetmek, akylyň ýetmek.

  • Hiç aklym çatmaýar eden günäme. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

gaýrat çatmak

gurp çatmak

  1. Güýç ýetmek, gaýratyň ýetmek, başaryp bilmek.

    • Dolanyp ýatmaga gurby çatmady, Göwresi sandyrap diýen etmedi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Iki put uny arkaňa almaga seniň gurbuň çatmaz.

  2. Puluň, maýaň ýetmek.

    • Şu kostýumy almaga gurbum çatar.

wyždanyň çatmak

Ynsabyň çydam etmek, ynsap etmek, dözmek.

  • Neneň wyždanyň çatdy?! (B. Pürliýew, Ikinji gün)


Duş gelýän formalary
  • çataly
  • çatam
  • çatan
  • çatandygyny
  • çatanlar
  • çatanok
  • çatanymyzda
  • çatanyny
  • çatanyň
  • çatar
  • çatardan
  • çatarlar
  • çataryn
  • çataýsa
  • çatdy
  • çatdygym
  • çatdygyndan
  • çatdyk
  • çatdylar
  • çatjak
  • çatjakdygyny
  • çatlary
  • çatlyk
  • çatma
  • çatma-da
  • çatmady
  • çatmadyk
  • çatmaga
  • çatmagy
  • çatmajagyny
  • çatmajakdygyny
  • çatmak
  • çatmalar
  • çatmalara
  • çatmalarda
  • çatmalardan
  • çatmalary
  • çatmalaryna
  • çatmalarynda
  • çatmalaryny
  • çatmalarynyň
  • çatmalaryň
  • çatmaly
  • çatmalydygyny
  • çatmalydyr
  • çatman
  • çatmandy
  • çatmandyr
  • çatmany
  • çatmanyň
  • çatmasa
  • çatmasy
  • çatmasydyr
  • çatmasyna
  • çatmasynda
  • çatmasyndan
  • çatmasyny
  • çatmasynyň
  • çatmaz
  • çatmazlyk
  • çatmaýan
  • çatmaýandygy
  • çatmaýandygyny
  • çatmaýanlygyny
  • çatmaýar
  • çatmaýardy
  • çatmaýarmyka
  • çatmaň
  • çatsa
  • çatsyn
  • çatyp
  • çatypdym
  • çatypdyr
  • çatypdyrlar
  • çatyň
  • çatýan
  • çatýan-da
  • çatýanam
  • çatýandyr
  • çatýar
  • çatýardy
  • çatýarlar