Aýak aldygyna ýüwürmek, ylgamak.
Ýiti ýarag bilen kesmek, bölek-bölek etmek, böleklemek, kerçemek.
Kakasy tokaýda agaç çapýar. («Mydam taýýar» gazeti)
Men indi at üstünde çybyk çapmakda-da pes däldirin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Basyp almak, talamak.
Gurt şu jenaýaty eden wagtynda garry enesiniň hekaýalarynda öz ýurduny çapýan dönükler hakynda eden gürrüňleri-de ýadyna düşmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Öldürmek, kesmek.
Ol gaharynyň oduny öçürmek üçin hökman bigünä Wepany çapjakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
seret zelel
Ol hem öz zeleline çapyp ýören samsyk däl. («Tokmak» žurnaly)