çak at

  1. Güman edilýän pikir, çen.

    • Käte özi düşmän, çak bilen urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Öz çakym hem, eje, şeýledi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Belli bir wagt, pursat, çen wagt.

    • Bimahal çak birden şol töwerekde iki sany gara salgymlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gije bir çaka barypdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Diýmek, belki ähtimal, megerem.

    • Men, çaky, ýalňyşypdyryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Çaky, onlar hem meniň ýaly «behiştde» galan çagalaryň süňkleri bolara çemeli. (Myraly)

çakdan çykmak

Hetden aşmak, has köp bolmak, bolmalysyndan köp bolmak.

  • Eger ol hat bilen geljek bolsa iberen hatlaryň çakdan çykyp gidendir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

göz çaky

seret göz

  • Çeleken raýonynda göz çaky bilen ýüküň agramyny ölçemäge kim ökde?!

her zadyň çeni-çaky bar

Her bir zadyň çägi bar.

  • Geňeşiň hem bir çeni bar, çaky bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • çaka
  • çakam
  • çakda
  • çakdan
  • çakdy
  • çakdylar
  • çakdymy
  • çaklar
  • çaklarda
  • çaklardan
  • çaklary
  • çaklaryň
  • çakly
  • çaklygydyr
  • çaklygyna
  • çaksyz
  • çaksyzlygyndan
  • çaky
  • çaky-da
  • çakym
  • çakyma
  • çakymy
  • çakymyz
  • çakymyza
  • çakymyň
  • çakymça
  • çakyn
  • çakyna
  • çakynda
  • çakyndan
  • çakyny
  • çakynyň
  • çakyň
  • çakyňdan
  • çakyňy
  • çakyňyzdan
  • çakyňyzy