çaňjarmak çaň‧jar‧mak işlik

  1. Çaň gatyşykly dumanlap durmak, ümezläp görünmek.

    • Howanyň ýüzi çaňjaryp durdy.

  2. Çala çaň bilen örtülmek, çaň basmak, çala çaňap durmak.

    • Çaňjaryp duran ýüzünde şatlyk alamaty has-da mälim boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň ýüzi çaňjaryp duransoň gözleri mölerip görünýärdi. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • çaňjaran
  • çaňjaryp
  • çaňjarypdy
  • çaňjarypdyr
  • çaňjarýan
  • çaňjarýardy