çümmek çüm‧mek işlik

  1. Dürtülip geçmek, sanjylmak, batmak.

    • Tä gulagyna çenli öl guma çümen pilini çekip aldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Olaryň sagdyn toýnaklary ürgün çägä çümýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýagyna tiken çümdi.

  2. Suwuň düýbüne, aşagyna gitmek, suwa batmak.

    • Suwa çümmek.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çümmek - çümdüm, çümdüň, çümüpdir.

pikire çümmek

seret pikir

  • Annaguly elindäki kagyza seredip pikire çümdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • çümdi
  • çümdi-de
  • çümdük
  • çümdüler
  • çümdüm
  • çümdüm-de
  • çümen
  • çümende
  • çümenden
  • çümendigi
  • çümene
  • çümeninden
  • çümenlerinde
  • çümer
  • çümer-de
  • çümerde
  • çümersiň
  • çümesi
  • çümjegini
  • çümjek
  • çümme
  • çümmegi
  • çümmegine
  • çümmeginiň
  • çümmek
  • çümmekligi
  • çümmekligine
  • çümmeli
  • çümmelidi
  • çümmese
  • çümmeseň
  • çümmez
  • çümmezden
  • çümmeýän
  • çümmeýärdi
  • çümmäge
  • çümmän
  • çümmüş
  • çümse
  • çümse-de
  • çümseň-de
  • çümsün
  • çümüp
  • çümüpdi
  • çümüpdik
  • çümüpdir
  • çümüpsiň
  • çümüň
  • çümýän
  • çümýär
  • çümýärdi
  • çümýärdiler
  • çümýärin
  • çümýärler