çörek at

Undan hamyr ýugrulyp, tamdyrda bişirilen önüm, nan.

  • Meniň unum bugdaý uny, uly bişirdim çöregi! (Çary Aşyr, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çörek - çöregi.

çöregi bitin

Howpdan sag-aman galan, howpdan halas bolan.

  • Hernä çöregiň bitin eken! -- diýip gülümsiredi. («Tokmak» žurnaly)

  • Doýduk eje, çöregiň bitin ekeni! (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

hamyrly çörek

Hamyrmaýa goşulyp aldyrylan, hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilen çörek.

petir çörek

Aldyrylmadyk hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilýän çörek.

  • Ýanym bilen bir petir çörek göteripdim.


Duş gelýän formalary
  • çörege
  • çöregem
  • çöregi
  • çöregidi
  • çöregidir
  • çöregim
  • çöregimden
  • çöregime
  • çöregimi
  • çöregimiz
  • çöregimize
  • çöregimizem
  • çöregimizi
  • çöregimiziň
  • çöregin
  • çöreginden
  • çöregine
  • çöregini
  • çöreginiň
  • çöregiň
  • çöregiňden
  • çöregiňem
  • çöregiňi
  • çöregiňizi
  • çöregiňiziň
  • çörek-de
  • çörekde
  • çörekden
  • çörekdenem
  • çörekdi
  • çörekdir
  • çörekler
  • çörekleri
  • çörekleridir
  • çöreklerinden
  • çöreklerini
  • çörekleriniň
  • çörekleriň
  • çörekli
  • çöreklik
  • çöreksiz