Geýimiň, köýnegiň eteginde ýa-da ýakasynda goýulýan dilik.
Ýer bölünişiginde, paýlanyşygynda goýulýan serhet, bölünip alnan ýer.
Durmady ol köjekläp, oýlanyp, Belläp aldy öz çäginiň pellesin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ejegül düýnki alyp bilmän giden çägini alyp, ýene bir çäge ýarpylap gaýtmakçydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çäk - çägim, çägiň.