Bir zadyň üstünden ädip geçmek, ötmek.
Şolaryň üstünden ätlemelidi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Garly ussa howlyň derwezesinden içine ätlän badyna, jaýlaryň biriniň işigi giňden açyldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret ätmek 1
Begenç Aýsoltana bakan nähili ädim ätlänini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Dogrusyny diýsem, ol ýigit towşan kowalajak ýaly örän eserdeň ätleýärdi. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Ol epeý-epeý ätläp, özi üçin taýýarlanan düşegiň üstüne geçip oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göçme manyda Aýgytly-hereket etmek, öňe gitmek.
Öňe tarap ätleýäris. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)