[ätiýa:ç]
Habardarlyk, seresaplyk, ägälik, gorky.
Gylyç mergen ätiýaçdan ötri çykalganyň agzyna birnäçe ullakan daşlary togalap eltdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Emma Bibiniň göwni galaýmasyn diýen ätiýaç bilen sesini çykarmady. (G. Gurbansähedow, Ak altyn)
Ekabyr Gaýly ätiýaç üçin gapynyň deşiginden jyklap, garrynyň ýagdaýyny barlaýardy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ätiýaç - ätiýajy.
Gorkmak, çekinmek, üýşenmek.
Emma Aýna indi hiç bir zatdan ätiýaç etmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kelekbaý hem olardan ätiýaç etdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)
Ondan adamlar ätiýaç ederdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Habardar bolmaklyk, üstüňi aldyrmazlyk, gapyl galmazlyk, seresaplyk bilen hereket etmeklik.
Kerwenbaşymyz hatarly ýoly sag-aman geçmek üçin ätiýajy elden bermän, seresaplylyk bilen ýol ýöreýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýlar)