äkitmek işlik

Bir zady ýa-da birini özüň bilen alyp gitmek, özüň bilen alyp barmak, eltmek.

  • Çarwa Mergen bulary ýaýla äkitmäge boýun bolupdyr. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  • Ony her biri diýen ýaly ýekän-ýekän öýlerine çagyryp äkiderdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Ol yk tarapa bakyp duran ýerinden hemme kuwwatyny ýygnap, zarp bilen ätmekçi boldy weli, çäge goşantly ýel donuň we köýnegiň içine doldy-da, ony ýuwaşlyk bilen ýerden göterip äkitdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem äkitmek - äkidýär, äkider, äkidipdir.


Duş gelýän formalary
  • äkideli
  • äkiden
  • äkidende
  • äkidendigini
  • äkidendikleri
  • äkidendiklerini
  • äkidendir
  • äkidene
  • äkidenem
  • äkidenimi
  • äkidenini
  • äkideniň
  • äkideniňde
  • äkideniňizde
  • äkidenlerinde
  • äkidenlerinden
  • äkidenligi
  • äkidenmiş
  • äkidenok
  • äkidenoklar
  • äkidensoň
  • äkider
  • äkiderden
  • äkiderdi
  • äkiderdiler
  • äkiderdim
  • äkiderdiň
  • äkidere
  • äkiderin
  • äkiderinmi
  • äkideris
  • äkiderler
  • äkiderli
  • äkidermikä
  • äkidersiň
  • äkidesi
  • äkidesim
  • äkideýin
  • äkideýinmi
  • äkidibem
  • äkidip
  • äkidipdi
  • äkidipdiler
  • äkidipdir
  • äkidipdir-de
  • äkidipdirin
  • äkidipdirler
  • äkidiň
  • äkidäý
  • äkidäýiň
  • äkidäýjek
  • äkidäýmekden
  • äkidäýmese
  • äkidäýmesinler
  • äkidäýse
  • äkidýän
  • äkidýändigi
  • äkidýändir
  • äkidýänime
  • äkidýär
  • äkidýärdi
  • äkidýärdiler
  • äkidýäris
  • äkidýärler
  • äkidýärlermi
  • äkidýärsiňiz
  • äkitdi
  • äkitdi-de
  • äkitdik
  • äkitdiler
  • äkitdim
  • äkitdim-de
  • äkitdimi
  • äkitdir
  • äkitdiňiz
  • äkitjege
  • äkitjegem
  • äkitjegini
  • äkitjek
  • äkitjekdigi
  • äkitjekdim
  • äkitjekleri
  • äkitjeklerini
  • äkitjekmi
  • äkitme
  • äkitmedi
  • äkitmediler
  • äkitmediň
  • äkitmegi
  • äkitmeginden
  • äkitmegine
  • äkitmegini
  • äkitmegiň
  • äkitmejekdigini
  • äkitmejeklerine
  • äkitmek
  • äkitmekde
  • äkitmekden
  • äkitmekdi
  • äkitmekdir
  • äkitmeklerini
  • äkitmekligiň
  • äkitmeklik
  • äkitmekçi
  • äkitmelem
  • äkitmelerini
  • äkitmeli
  • äkitmelidi
  • äkitmelimi
  • äkitmeris
  • äkitmese
  • äkitmeseler
  • äkitmesin
  • äkitmez
  • äkitmezdiler
  • äkitmezler
  • äkitmezmikä
  • äkitmeýän
  • äkitmeýändigi
  • äkitmeýänligini
  • äkitmeýärdiler
  • äkitmäge
  • äkitmäge-de
  • äkitmän
  • äkitmändiler
  • äkitmändir
  • äkitmänligi
  • äkitmäň
  • äkitse
  • äkitsediň
  • äkitseler
  • äkitsem
  • äkitsene
  • äkitseň
  • äkitseňiz
  • äkitsin
  • äkitsinler