Örän, has, gaty, äpet; örän uly, has uly, gaty uly, örän köp.
Ine, ullakan oýuň içinde ägirt uly süri ýatyr. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)
Ägirt ädim bilen ýygyrýar ýoly, Göýä jana gelip, ýer süýşýän, ýer süýşýän ýaly. (A. Kekilow, Iki kerwen)
Giň asman ägirt saýawan ýaly gerlip durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Goşdaky iki sany ägirt körpeç bolup, soňabaka çagalar guzulary öz çadyrlaryna daşap başladylar. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Bularyň şeýle ägirt işden baş çykarýan tejribeli başlaryna berekella! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Aýal-erkek, oglan-gyz işleýärler garyşyp, Ýurda ägirt nep berýär bular her gün ýaryşyp. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ägirt - ägirdi.