Uzyn gonçly aýakgap.
Annagula ädik we papak berdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gylyç Gajar ogly köwüş geýeninden ädik geýenini on esse gowy görýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Hojamyrat siziň ädigiňizi ýagladymy?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Agýaryň ýiti toýnagy Magtymyň ädiginiň gonjuny böwüsse-de tenini çala gyzartsa-da, injigine zyýan ýetirmändi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ädik - ädigi.
Adat boýunça öýlenen ýigidiň gelnine birinji gijede ädigini çykartdyryp, aýal maşgalanyň adamsyna bolan ilkinji hyzmaty hökmünde iş başarjaňlygyny barlap görmek.
Artyk oňa ädik çykartmakdan, guşak çözdürmekden geçip, bir baş ýüzükçileriň ýanyna bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ädik çykardylanda, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gaýyşdan edilen ädik.
Mal hamynyň sagrysyndan tikilen gowy ädik.