1. Söz düzümleri

Sözleriň özara many we grammatik taýdan ikibir-ikibir baglanyşmagyna söz düzümleri diýilýär.

Gara galam, meniň kitabym.

Söz düzümleriniň birinji sözüne garaşly söz, ikinji sözüne esasy söz diýilýär. Söz düzümleriniň garaşly sözi belli bir soraga jogap bolýar. Olara soraglar esasy sözüň üsti bilen berilýär.

Derýanyň suwy - nämäniň suwy? Sary gawun - nähili gawun?

Türkmen dilinde söz düzümleriniň örän köp görnüşleri ulanylýar. Bulary emele getirýän sözleriň özara baglanyşygy hem dürli-dürli bolýar. Olaryň esasylary şulardyr:

  • Garaşly söz köplenç eýelik düşümde, esasy söz belli bir ýöňkemede gelýär. Bular biri-birleri bilen şol goşulmalar arkaly baglanyşýarlar.

    Meniň kitabym, üzümiň ýapragy, gawunyň çigidi.

    Şu hili söz düzümleriniň garaşly sözi eýelik düşümiň goşulmasyny kabul etmän hem ulanylýar.

    Obanyň adamlary - oba adamlary, mekdebiň okuwçylary - mekdep okuwçylary.

  • Garaşly sözi hemişe sypatdan, esasy sözi atdan bolýar. Şunda birinji söz goşulma kabul etmeýär. Olar biri-birleri bilen öz manylary boýunça baglanyşýarlar we birinji söz nähili? neneňsi? diýen soraga jogap bolýar.

    Sary gawun, gara üzüm, beýik depe, ak telpek, galyň mata, uly gazan.

    Esasy söz san, ýöňkeme, düşüm goşulmalaryny kabul edip biler.

    Sary gawun - sary gawunlar, sary gawunlaryň; gara üzüm - gara üzümler, gara üzümiň, gara üzümden.

Söz düzümleriniň we sözlemleriň özlerine mahsus bolan aýratynlyklary bar. Sözlemler doly gutaran oý-pikirleri aňladýarlar, emma söz düzümleri doly gutaran oý-pikiri aňlatmaýarlar. Şonuň üçin sözlemler hemişe özbaşdak ulanylyp bilýärler, emma söz düzümleri, köplenç, sözlemleriň içinde ulanylýarlar.

1.1 Erkin we durnukly söz düzümleri

Söz düzümleri erkin we durnukly söz düzümleri diýen toparlara bölünýärler. Olar mazmuny, hyzmaty, ulanyşlary, düzümindäki sözleriň ýagdaýy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.

Erkin söz düzüminde onuň komponentleriniň her biri sözlemiň bir agzasy bolup gelmäge ukyplydyr, bir esasy söze birnäçe garaşly söz baglanyp gelip bilýär. Şol garaşly sözleriň her biri sözlemde grammatik soraga jogap bolýar. Garaşly sözleriň orun taýyndan ýerleşdirilişi erkin ýagdaýda bolýar, ýagny baglanyşýan sözleriň arasyna başga sözler hem düşüp bilýär, onuň gerimi giň bolýar.

Gyzlar häzir (haçan?) ýuwaşlyk bilen (nähalda?) mekdebe tarap (nirä?) ugradylar.

Durnukly söz düzümlerini emele getirýän sözleriň hemmesi bir soraga jogap bolup, sözlemde bitewilikde bir agza bolýarlar.

Agzy gowşak. Böwregi bökmek (gülmek).

Durnukly söz düzümlerinde sözleriň ýerlerini çalşyrmak, üýtgetmek ýa-da aralaryna başga söz goşmak, köplenç, mümkin däl.