7. Sanlar

Bir zadyň mukdaryny we sanalmakda tertibini bildirýän sözlere san diýilýär.

Bäş, on, iki, bäşinji we ş. m.

7.1 Mukdar we tertip sanlar

Sanlar özleriniň aňladýan manylary we grammatik alamatlary taýdan iki hili bolýar:

  1. Mukdar sanlar - bir zadyň mukdaryny görkezip, näçe? diýen soraga jogap bolýan sözlere mukdar sanlar diýilýär.

    on, dokuz, kyrk sekiz we ş.m.

  2. Tertip sanlar - sanalmakda tertip görkezip, näçinji? haýsy? diýen soraglara jogap bolýan sözlere tertip sanlar diýilýär.

    birinji, ýigrimi bäşinji...

7.2 Sanlaryň gurluşy

Mukdar sanlar özleriniň gurluşy taýdan sada we goşma sanlara bölünýärler.

  1. Sada sanlar bir sözden ybarat bolýarlar.

    bir, sekiz, müň, million, milliard...

  2. Goşma sanlar birden artyk sözlerden ybarat bolýarlar.

    on bir, ýigrimi bäş, bir müň dokuz ýüz togsa iki...

Mukdar sanlar bilen birlikde ulanylýan atlar köplenç birlik sanda alynýar.

bir gün, üç gyz, alty müň parta we ş. m.

Mukdar sanlaryň ýene bir görnüşi drob sanlardyr. Drob sanlary bütin sanly predmetiň bölegini görkezýär.

üç bitin dörtden üç (3 3/4).

7.3 Sanlaryň ýazuw düzgüni

  1. Goşma sanlar goşulyp ýazylman, aýry-aýry ýazylýarlar.

    on iki, kyrk bäşinji.

  2. Tertip sanlary ýasamak üçin yzlary çekimsiz ses bilen gutarýan sanlara -ynjy, -inji, -unjy, -ünji, emma çekimliler bile gutaranlara bolsa -njy, -nji goşulmasy goşulýar.

    dokuz+ynjy, alty+njy we ş. m.

  3. Soňlary çekimsiz ses bilen gutaryp, çekimlisi dodaklanýan bir bogunly sanlardan tertip san ýasalanda, ýogyn sözler üçin -unjy, inçe sözler üçin bolsa -ünji goşulmasy goşulýar.

    on+unjy, üç+ünji.

  4. Sözlemiň başynda ýa ortasynda tertip sanlar getirilip, sifrler bilen görkezilende, onuň yzyndan defis goýulýar. Defisden soň, ol sanyň çekimli ýa çekimsiz bilen gutaryşyna garamazdan, ýogyn sözler üçin -njy, inçe sözler üçin -nji goşulmasy goýulýar.

    Meniň jigim 3-nji klasda okaýar. Agam 6-njy etažda ýaşaýar.

  5. Setir başlarynda tertip sanlar sifr bilen görkezilip, yzyndan ýaý bilen ýazylan bolsa ýa-da nokat goýlan bolsa, -njy, -nji goşulmasy ýazylmaýar.

    1. Ataýew ýa-da 1). Ataýew.

  6. Tertip sanlar rim sifrleri bilen görkezilende, yzyndan defis hem goýulmaýar, goşulma hem ýazylmaýar.

    XVIII asyr edebiýaty, V klasyň okuw programmasy.

  7. Tirkeşdirilip ulanylýan sanlaryň arasynda defis goýulýar.

    Dört-bäş adam bolup, alyp geldik.

  8. Sanlar at rolunda gelseler, san, ýöňkeme, düşüm, goşulmalaryny kabul edýärler.

    Bäşinjiler düýn gelip gitdiler.

  9. Sözlemde goşma sözleriň ýeke özleri ulanylanda olaryň iň soňkusy san, ýöňkeme, düşüm goşulmalaryny kabul edýär.

    On bäşinjiden hiç zat soramady.