5. Atlar

Tebigatda bar bolan ähli zadyň öz ady bar.

galam, daş, bag, suw.

Predmeti ýa-da predmetleşen düşünjäni aňladýan sözlere at diýilýär. Atlar kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Adamyň atlary, familiýalary, onuň kärini, jynsyny, garyndaşlygyny bildirýän atlar kim? diýen soraga jogap bolýarlar.

Döwran - kim?, gyz - kim? çopan - kim?

Ýurt, şäher, oba, umuman, orny aňladýan atlar, esasan, nire? diýen soraga jogap bolýarlar.

Minsk - nire?, Aşgabat - nire?

Galan predmeti we predmetleşen düşünjäni aňdadýan atlaryň hemmesi, näme? diýen soraga jogap bolýarlar.

goýun - näme?, pil - näme?, kitap - näme?

5.1 Atlaryň gurluşy

Bir sözden bolan atlara sada atlar diýilýär.

Dag, bag, köl, galam.

Iki we ondan köp sözden düzülen atlara goşma atlar diýilýär.

demirtiken, kepjebaş, ýaşuly.

Sada atlar hem gurluşy boýunça iki hili bolýar: asyl atlar we ýasama atlar. Ýasaýjy goşulmalaryň goşulmagy bilen emele gelen atlar ýasama atlardyr. Atlar many taýyndan umumylykdaky hem täklikdäki predmetleriň adyny aňladýarlar.

5.2 Has atlar we jyns atlar

Bir jynsdan bolan predmeti, düşünjäni aňladýan atlara jyns atlar diýilýär.

adam, oba, parta, surat.

Bir jynsdan bolan predmeti aňladýan atlardan tapawutlandyrmak üçin dakylýan atlara has atlar diýilýär.

Garagum, Köpetdag, Aman.

Has atlaryň ýazuw düzgüni

Has atlar sözlemiň niresinde gelseler-de, olaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Aşgabat, Garagum, Gökje.

Söz ýasaýjy goşulmalary kabul edip, has atlygyny ýitiren sözler setir harplary bilen ýazylýarlar.

maryly, tejenli, gökjeli.

Emma has atlaryň soňuna -syz, -siz, -suz, -süz, -daky, -däki, -lar, -ler goşulmalary goşulanda, has atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Gurbannazarlar, Aşgabatdaky.

Gazet-žurnallara, kitaplara, eserlere we şuňa meňzeşlere dakylan atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylyp, tutuş at goşa dyrnagyň içine alnyp ýazylýar.

"Mydam taýýar" gazeti, "Täze ýol" kolhozy.

Adam ady dakylan kärhanalaryň atlarynyň yzyndan "adyndaky" sözi getirilýär hem dakylan at goşa dyrnak içine alynmaýar.

Magtymguly adyndaky uniwersitet, Azady adyndaky köçe.

Geografik we administratiw-territorial atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Ýewropa, Daşkent oblasty, Balkan dagy.

Astronomik atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Gün, Ýer, Mars, Ýedigen.

Bular has at bolup gelmedik wagtynda, setir harpy bilen ýazylýarlar.

Şu gün, gije-gündiz, aýyň aýagy.

5.3 Atlaryň ýasalyşy we ýazuw düzgüni

Atlar asyl ýasaýjy goşulmalar arkaly atlardan, sypatlardan, sanlardan, işliklerden ýasalýarlar.

Atlaryň atlardan ýasalyşy

Atlardan at ýasaýan goşulmalar goşulan sözüniň öňki manysyny özgerdip, ondan täze manyly ady emele getirýär.

Meselem:
AtGoşulmaTäze manyly at
-çiişçi
bal-çybalçy

Bu goşulmalar esasan, şulardyr:

GoşulmalarMysallar
-çy, -çisuwçy, kolhozçy
-ça ,-çeýorgançy, temençe
-ly, -liagaly, şirli
-çylyk, -çilik, -çulyk, -çülikilçilik
-ystan, -istan, -üstanözbekistan
-daş, -deşýürekdeş, ýoldaş
-izmpatriotizm
-kär, -gärgär, söwdagär
-horsüýthor, mugthor
-keşçilimkeş
-darmaldar, çarwadar

Atlaryň sypatlardan, sanlardan, çalyşmalardan we ses görkezýän sözlerden ýasalyşlary

Sypatlardan, sanlardan, çalyşmalardan atlaryň ýasalmagy üçin, esasan, -lyk, -lik, -luk, -lük goşulmalary hyzmat edýär.

Söz hiliMysallar
Sypataklyk, körlük
Sanbäşlik, onluk
Çalyşmamenlik, olluk
Ses görkezýän sözpasyrdy, güpürdi, wyzzyldy, iňňildi, horruldy

Atlaryň işliklerden ýasalyşlary

Asyl ýasaýjy goşulmalar arkaly işliklerden örän köp atlar ýasalýarlar.

Meselem:
IşlikGoşulmaTäze manyly at
algyalgy
bergibergi
ýazuwýazuw
ýazyjyýazyjy
sözleýjisözleýji
akymakym
gazykgazyk
görgöreç
ýangyçýangyç
ýangynýangyn
galyndygalyndy
çykdajyçykdajy
şarlawukşarlawuk
araçar
damjadamja
almytalmyt

5.4 Atlaryň san goşulmalary bilen üýtgeýşi

Atlar sözlemde we söz düzüminde özleriniň bir zada degişlidigini bildirmek ýa biri-birleri bilen baglanyşmak üçin söz üýtgediji goşulmalar bilen üýtgeýärler. Atlar san, ýöňkeme we düşüm bilen üýtgäp bilýärler.

Atlar birlik we köplük sanda bolýar. Diňe ýekelikdäki predmetleri aňladýanlara atlaryň birlik sany diýilýär.

galam, kitap, surat.

Atlaryň birlik sanynyň yzlaryna -lar, -ler goşulmasy goşulyp, köplük san aňladýarlar.

kitap+lar, surat+lar, depder+ler.

Gepleşikde -lar, -ler, goşulmasy goşulyp, köplügi aňlatmaýan ýerleri hem bar.

Billerim döwlüp barýar. Kellelerim agyrýar ýa-da jigimi Durdylarda goýdum.

Jübüt predmetleriň atlaryny aňladýan el, gaş, göz, gulak, aýak, dodak, ýaňak, köwüş, jorap, ellik ýaly sözleriň yzyna -lar, -ler goşulmasy goşulmaýar. Ýöne olaryň haýsy-da bolsa birini aňlatmak üçin olaryň öňündäki aýyklaýjy söz getirilýär.

"Çep gözüm çekýär", "Akyl dişim çykdy".

Atlaryň san goşulmasynyň ýazuw düzgüni

Atlaryň san goşulmasy goşulan sözüniň inçe-ýogynlylygyna hemişe eýerýär. Emma onuň goşulýan ady garyşyk bogunly bolsa, onda ol sözüň soňky bognuna eýerýär.

işçi+ler, pioner+ler.

Guzy, süri ýaly birinji bogny dodak çekimli bolup, ikinji bogny y, i seslerine gutaran sözlere -lar, -ler goşulanda, ikinji bogny dodaklandyrylyp ýazylýar.

Meselem:
BirliigiGoşulmaKöplügi
süri-lersürüler
guzy-larguzular

Soňy ý harpyna gutaran alynma atlara san goşulmasy goşulanda, adyň soňundaky bu harplar düşürilip ýazylýar.

wožatyý - wožatylar.

5.5 Atlaryň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Ýöňkeme goşulmalary many taýyndan zadyň üç şahsa: maňa, saňa, oňa, köplükde bize, size, olara degişlidigini görkezýärler, ýagny zadyň birinji şahsa-sözleýjä, ikinji şahsa-diňleýjä, üçünji şahsa-gürrüňe gatnaşmaýana degişlidigini görkezýär.

Atlaryň ýöňkeme goşulmalary

ÝöňkemelerBirligiKöplügi
Menlik-ym, -im, -um, -üm, -m.-ymyz, -imiz, -umyz, -ümiz, -myz, -miz.
Senlik-yň, -iň, -uň, -üň, -ň.-yňyz, -iňiz, -uňyz, -üniz, -ňyz, -ňiz.
Onluk-y, -i, -sy, -si.-y, -i, -sy, -si.
ÝöňkemelerMysallar
Birligi:
Menlikdaýymnarymelimöýümgoşum
Senlikdaýyňnaryňeliňöýüňgoşuň
Onlukdaýysynaryeliöýigoşy
Köplügi:
Menlikdaýymyznarymyzelimizöýümizgoşumyz
Senlikdaýyňyznaryňyzeliňizöýüňizgoşuňyz
Onlukdaýysynaryeliöýigoşy

Ýöňkeme goşulmalarynyň degişliligi görkezişi

  1. Bir predmetiň bir adama degişlidigini görkezýänler.

    Meniň galamym, goşum.

  2. Köp predmetiň bir adama degişlidigini görkezýänler.

    Meniň depderlerim, guşlarym.

  3. Bir predmetiň köpçülige degişlidigini görkezýänler.

    Biziň kitabymyz, depderimiz.

  4. Köp predmetiň köpçülige degişlidigini aňladýanlar.

    biziň kitaplarymyz, depderlerimiz.

Ýöňkeme goşulmalarynyň ýazuw düzgüni

  1. Ýöňkeme goşulmalary sözleriň inçelik-ýogynlyklaryna doly eýerýärler.

    kitabym, şägirdim.

  2. Menlik ýöňkemaniň -um, -üm, -umyz, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -uň, -üň, -uňyz, -üňiz goşulmalary dodak çekimlisi bolan bir bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar.

    Meselem:
    ÝöňkemeBirligiKöplügi
    Menliksözüm, golum, goşum, gülümsözümiz, golumyz, goşumyz, gülümiz
    Senliksözüň, goluň, goşuň, gülüňsözüňiz, goluňyz, goşuňyz, gülüňiz
  3. Menlik ýoňkemaniň -ym, -im, -ymyz, -imiz, senlik ýöňkemäniň -yň, -in, -yňyz, -iňiz goşulmalary köp bogunly we dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar.

    Meselem:
    ÝöňkemeBirligiKöplügi
    Menlikdepderim, galamym, saçym, elimdepderimiz, galamymyz, saçymyz, elimiz
    Senlikdepderiň, galamyň, saçyň, eliňdepderiňiz, galamyňyz, saçyňyz, eliňiz
  4. Soňy e sesi bilen gutaran atlara ýöňkeme goşulmasy goşulsa, menlik we senlik ýöňkemeleriň birliginde we köplüginde e sesi ä sesine öwrülýär.

    Meselem: penjire, desse, çüýşe, göle
    ÝöňkemeBirligiKöplügi
    Menlikpenjiräm, dessäm, çüýşäm, gölämpenjirämiz, dessämiz, çüýşämiz, gölämiz
    Senlikpenjiräň, dessäň, çüýşäň, göläňpenjiräňiz, dessäňiz, çüýşäňiz, göläňiz

    Ene, eje ýaly maşgala gatnaşygyny görkezýän atlar bu düzgünden çykýarlar.

  5. Ýöňkeme goşulmalarynda u, ü harplary ikinji bogunlarda ýazylýarlar.

    gülüm, gözümiz, otuňyz.

  6. Uly, goşgy, guzy, uky, süri, göni ýaly sözler y, i sesleriniň uzyn aýdylýandygy üçin birinji we ikinji ýöňkemelerde dodaklandyrylmaýar.

    Üçünji ýöňkemede gysga aýdylýandygy üçin dodaklandyrylýar.

    ukusy, gönüsi, sürüsi we ş. m.

    Çekimsiz ses bilen gutaran atlara ýöňkeme goşulmalary goşulanda, gepleşikde düşürilip geplenýär.

    öýme, galammyz we ş. m.

    Şeýle bolsa hem ýazuwda bular düşürilmän ýazylýar.

    öýüme, galamymyz we ş. m.

  7. Soňy z, l, n, r, s, ş seslerine gutaran iki bogunly asyl, ýasama atlaryň yzyna çekimli ses bilen başlanýan ýöňkeme goşulmalary goşulanda, olaryň ikinji bognundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

    nagşym, deňzi, söwşüň we ş. m.

  8. Yzlary k, p, t, ç dymyk seslerine gutaran atlara ýöňkeme goşulmalary goşulanda, dymyk sesler degişli açyk seslerine öwrülýärler.

    agaç-agajyň, balyk-balygy we ş. m.

5.6 Atlaryň düşüm bilen üýtgeýişleri

Atlaryň düşüm bilen üýtgeýşinde sözlemiň pikir aňlatmagy üçin ony hasyl edýän sözleriň özara pugta baglanyşmagy gerek. Sözlemde sözleriň şeýle baglanyşygyny bolsa, esasan, düşüm goşulmalary ýerine ýetirýärler.

Türkmen dilinde alty sany düşüm bar. Olar özleriniň hyzmatlary we formalary taýyndan biri-birinden tapawutlydyrlar. Her bir düşümiň aýratyn goşulmalary we degişli soraglary bar.

Düşümleriň atlaryDüşümleriň soraglary
Baş düşümKim?Näme?Nire?
Eýelik düşümKimiň?Nämäniň?Niräniň?
Ýöneliş düşümKime?Nämä?Nirä?
Ýeňiş düşümKimi?Nämäni?Niräni?
Wagt-orun düşümKimde?Nämede?Nirede?
Çykyş düşümKimden?Nämeden?Nireden?
Meselem:
Düşümleriň atlaryMysallar
Baş düşümGözeldepderArçman
Eýelik düşümGözeliňdepderiňArçmanyň
Ýöneliş düşümGözeledepdereArçmana
Ýeňiş düşümGözelidepderiArçmany
Wagt-orun düşümGözeldedepderdeArçmanda
Çykyş düşümGözeldendepderdenArçmandan

Düşüm bilen üýtgeýän atlaryň ýazuw düzgüni

Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üýtgeyişleri

Düşümleriň atlaryDüşümleriň goşulmalaryMysallar
Baş düşüm-bag, kelem, ot, gül
Eýelik düşüm-yň, -iň, -uň, -üňbagyň, kelemiň, otuň, gülüň
Ýöneliş düşüm-a, -ebaga, keleme, ota, güle
Ýeňiş düşüm-y, -ibagy, kelemi, oty, güli
Wagt-orun düşüm-da, -debagda, kelemde, otda, gülde
Çykyş düşüm-dan, -denbagdan, kelemden, otdan, gülden
  1. Içinde dodak çekimlisi bolan, çekimsiz sese gutarýan bir bogunly atlara eýelik düşümde -uň, -üň goşulmasy goşulýar.

    guş-guşuň, gül-gülüň, ot-otuň, öý-oýüň.

  2. Dymyk ç, k, p, t seslerine gutarýan köp bogunly atlaryň soňyndaky ç, k, p, t sesleri eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerinde j, g, b, d seslerine owrülýärler.

    agaç - agajyň, agaja, agajy.

  3. Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly atlaryň soňundaky ç, k, p, t sesleri eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerinde j, g, b, d seslerine öwrülmeýärler, çekimlisi uzyn aýdylýan atlarda bolsa olar j, g, b, d seslerine öwrülýärler.

    Meselem:
    Baş düşümEýelik düşümÝöneliş düşümÝeňiş düşüm
    saçsaçyňsaçasaçy
    gapgabyňgabagaby

Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üýtgeyişleri

Düşümleriň atlaryDüşümleriň goşulmalaryMysallar
Baş düşüm-mata, göle, atasy, jigisi
Eýelik düşüm-nyň, -niňmatanyň, göläniň, atasynyň, jigisiniň
Ýöneliş düşüm-a, -e(ä), -na, -nemata, gölä, atasyna, jigisine
Ýeňiş düşüm-ny, -nimatany, göläni, atasyny, jigisni
Wagt-orun düşüm-da, -de, -nda, -ndematada, gölede, atasynda, jigisinde
Çykyş düşüm-dan, -den, -ndan, -ndenmatadan, göleden, atasyndan, jigisinden
  1. y we i çekimlilerine gutarýan asyl atlaryň soňundaky y, i ýöneliş düşümde a, ä çekimlilerine öwrülýärler.

    gapy - gapa, deri - derä.

  2. Iki bogunly asyl atlaryň birinji bognunda dodak çekimli bolsa, onda olaryň ikinji bognundaky y, i wagt-orun we çykyş düşümlerde u, ü dodak çekimlilerine öwrülýärler.

    Meselem:
    Baş düşümWagt-orun düşümÇykyş düşüm
    goşgygoşgudagoşgudan
    sürisürüdesürüden
    sokysokudasokudan
    böribörüdebörüden
  3. Birinji bogunda dodak çekimlisi bolan onluk ýöňkemedäki iki bogunly atlaryň soňky çekimlisi baş düşümden beýleki düşümlerde dodaklandyrylýar.

    Meselem:
    Baş düşümEýelik düşümÝöneliş düşümÝeňiş düşümWagt-orun düşümÇykyş düşüm
    oglyoglunyňoglunaoglunyoglundaoglundan
    gözigözüniňgözünegözünigözündegözünden
  4. Soňlary e çekimlisine gutarýan atlar eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümler bilen üýtgände, şol e sesi ä sesine öwrülýär.

    Meselem:
    Baş düşümEýelik düşümÝöneliş düşümÝeňiş düşüm
    käsekäsäniňkäsäkäsäni
    keçekeçäniňkeçäkeçäni

Sözlemi hasyl edýän sözler özara baglanyşmak, ylalaşmak üçin söz üýtgediji goşulmalary, ýagny san, ýöňkeme, düşüm goşulmalaryny kabul edýärler. Atlar ilki san goşulmasyny (kitap+lar), soňra ýöňkeme goşulmasyny (kitap+lar+ymyz), ahyrda hem düşüm goşulmasyny (kitap+lar+ymyz+yň) kabul edýärler.

Meselem:
Düşüm\ÝöňkemeMenlikSenlikOnluk
BirligiKöplügiBirligiKöplügiBirligi we köplügi
Baş düşümkitabymkitabymyzkitabyňkitabyňyzkitaby
Eýelik düşümkitabymyňkitabymyzyňkitabyňyňkitabyňyzyňkitabynyň
Ýöneliş düşümkitabymakitabymyzakitabyňakitabyňyzakitabyna
Ýeňiş düşümkitabymykitabymyzykitabyňykitabyňyzykitabyny
Wagt-orun düşümkitabymdakitabymyzdakitabyňdakitabyňyzdakitabynda
Çykyş düşümkitabymdankitabymyzdankitabyňdankitabyňyzdankitabyndan