Türkmen dili

3. Goşulmalar we olaryň görnüşleri

Her bir söz özbaşdaklykda many aňladýar, emma goşulmalaryň hiç biri özbaşdaklykda many aňlatmaýarlar. Olar sözlere goşulyp ulanylýarlar. Özbaşdaklykda ulanylman, goşulan sözlerinden täze manyly sözler ýasamaga ýa-da sözlemde sözleri biri-birine baglanyşdyrmaga hyzmat edýän böleklere goşulma diýilýär. Goşulmalar bitirýän hyzmatlaryna görä, esasan, iki topara bölünýärler: söz ýasaýjy goşulmalar we söz üýtgediji goşulmalar.

3.1 Söz ýasaýjy goşulmalar

Söz ýasaýjy goşulmalar asyl we düýp sözlere goşulýarlar.

Meselem (A):
Düýp sözGoşulma
ek-inekin
guý-guçguýguç
-çiişçi
al-yjyalyjy
Meselem (B):
Düýp sözGoşulma
gyz-jagazgyzjagaz
oglan-jykoglanjyk
ak-jaakja

Birinji hatardaky sözlere goşulan goşulmalar goşulan sözlerinden täze manyly sözleri hasyl edýärler. Emma ikinji hatardaky sözler goşulan goşulmalar goşulan sözleriniň öňki manysyna ýakynrak başga söz ýasamaga hyzmat edýärler. Goşulan sözünden täze manyly söz ýasamaga hyzmat edýän goşulmalara söz ýasaýjy goşulmalar diýilýär. Goşulan sözünden öňki manysyna ýakynrak başga bir many aňlatmaga hyzmat edýän goşulmalara dereje ýasaýjy goşulmalar diýilýär. Söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan sözlere ýasama sözler diýilýär.

3.2 Söz uýtgediji goşulmalar

Sözlemde sözleri baglaşdyrmaga hyzmat edýän goşulmalara söz üýtgediji goşulmalar diýilýär. Sözlere goşulmalar goşulanda, ilki söz ýasaýjy, yzyndan söz üýtgediji goşulmalar goşulýarlar.

okuw+çy+lar+dan, oba+daş+lar.

Söz üýtgediji goşulmalara, esasan, san, zaman, ýöňkeme, düşüm goşulmalary degişlidir.

Inçe-ýogynlyk, singarmonizm düzgünine boýun egmeýän bi-, -nä, -ana, -baz, -waç, -gär, -hor, -paraz ýaly söz ýasaýjy goşulmalar sözlere şol duruşlaryna goşulyp ýazylýarlar.

bitertip, nädogry, görkana, masgarabaz, yzlawaç. küýzegär, süýthor.

Bi- goşulmasy çekimli ses bilen başlanýan sözlere goşulanda, goşulma bilen goşulýan sözüň arasynda ý sesi eşidilýär. Emma ýazuw-da ol sözleriň asyl görnüşi saklanyp ýazylýar.

  • biýagyry däl biagyry
  • biýedep däl biedep