12. Ümlükler

Adamyň içki duýgusyny aňlatmaga hyzmat edýän sözlere ümlük diýilýär. Ümlükler gynanç, begenç, haýran galmak we beýleki duýgulary aňlatmaga hyzmat edýär.

Wa-eý, senmi gyz bu! (geň galmak).

Sözlemde aňladyljak bolunýan pikire laýyklykda ümlükler dürli heň-intonasiýa bilen aýdylýarlar. Netijede, hut bir ümlügiň özi dürli intonasiýa bilen aýdylanda, dürli manyny aňladyp bilýär.

  • Baý, bu gawunyň süýjüdigini! (begenç).
  • Baý, ýigid-ä iş bitiripdir! (närazylyk).
  • Baý, şuna oňarmandyrys (ökünç we ş. m.).

Ümlükler çeper eserlerde, esasan, gepleşikde ulanylýarlar.

12.1 Ümlükleriň gurluşy

Ümlükler gurluşlary boýunça iki hili bolýarlar: sada ümlükler we goşma ümlükler.

  1. Birbada aýdylyp, bir bölekden ybarat bolan ümlüklere sada ümlükler diýilýär.

    a, eý, aý, aýt, baý, waý, hiý we ş. m.

  2. Sada ümlükleriň bir-biriniň yzyndan gaýtalanyp, tirkeşip gelmeginden hasyl bolan ümlüklere tirkeş ümlükler diýilýär.

    weý-weý, baý-ba, a-how, wah-waheý.

12.2 Ümlükleriň ýazuw düzgüni

  1. Ümlükler sözlemiň başynda gelseler, ýazuwda ümlükleriň yzyndan otur goýulýar.

    Baý-ba, muny edäýenlerini.

  2. Eger başda gelen ümlük belent heň bilen aýdylsa, onuň yzyndan ýüzlenme belgisi goýulýar. Eger-de ümlük sözlemiň soňunda gelse, öňünden otur goýulýar.

    Ura! Ertir toý! Indi geljek dälmi, how!

  3. Sözlemiň ortasynda ýa-da soňunda gelse-de, ýazuwda -aýt, -aý, -eý, -a ýaly ümlükler bilen olaryň goşulan sözüniň arasynda defis goýulýar.

    Nädäýdiň-aý muny!

  4. Sözlemiň ortasynda hiç bir söze dahylsyz özbaşdak ulanylan ümlükleriň öňünden we yzyndan otur goýulýar.

    Şony-my, hä, indi ýadyma düşdi.

  5. Ümlükleriň soňky sesi süýndürilip uzyn aýdylýan bolsa, ýazuwda ol ses birnäçe gezek ýazylýar ýa-da ümlügiň yzyndan kop nokat goýulýar.

    Huwwa, balam, huwwa-huw...

  6. Tirkeşdirilip ulanylýan ümlükleriň arasynda defis (-) goýulýar.