Türkmen dili

1. Sözüň düzümi

Sözleriň böleklere bölünmeýän, eger böleklere bölünse, asyl manysyny ýitirýän sözlere asyl sözler diýilýär.

suw, ýüň, kitap, mata.

Asyl sözler sözüň many taýyndan bitewidir: Mysal üçin, ýylgyn diýen söz iki bogundan ybarat. Ony ýyl diýip bölüp bolmaýar. Çünki ol sözüň öňki manysy düýbünden ýitýär. Şol sebäpli bu sözi böleklere bölüp bolmaýar. Sebäbi ýylgyn we "ýyl" sözleriniň biri-birine baglanyşygy ýok.

Özbaşdaklykda many aňlatman, sözlere goşulyp ulanylýan böleklere goşulma diýilýär.

mal-darçylyk, bi-tertip, nä-mälim, okuw-çylar.

Türkmen dilinde goşulmalar, esasan, sözüň soňundan goşulýarlar. Emma nä-, bi- ýaly käbir goşulmalar sözüň öňünden goşulýar. Bular -syz, -siz, -suz, suz ýaly goşulmalaryň ýa-da däl sözüniň aňladýan manylarynda ulanylýarlar.