Türkmen dili

7. Könelişen we täze sözler

Ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň... ösmegi bilen diliň sözlük düzümi hemişe üýtgäp durýar: dilde ozal bolmadyk täze sözler ýüze çykýar, könelişen sözler bolsa ulanyşdan galýar. Şunlukda täze dörän sözler leksikada berk orun alýar, könelişen sözler bolsa ýitip gidýärler.

arçyn, şura, jykyr, ýüzbaşy ýaly sözler könelişip ulanyşdan galypdyrlar. Oňa derek birža, reklama, aksiýa, kommersiýa... ýaly sözler häzir has aktiw ulanylýarlar.

Durmuşda aktiw ulanylmaga başlan sözlere neologizmler, ulanyşdan galan sözlere arhaizmler diýilýär. Türkmen diline beýleki dillerden geçen sözlere alynma sözler diýilýär. Könelişen sözler (arhaizmler), täze sözler (neologizmler), alynma sözler çeper eserlerde şol döwrüň ruhuny bermek üçin ulanylýar.