1. Omonimler (sesdeş sözler)

Aýdylyşy we ýazylyşy birmeňzeş bolup, aýry-aýry many aňladýan sözlere omonimler diýilýär.

ýüz diýen sözi alyp göreliň. Bu söz 100 diýen sany, adamyň ýüzüni, suwda ýüzmegi, maly soýmagy-ýüzmegi aňlalýar. Emma ol söz aýry-aýry manyly dört zady aňladýan bolsa-da, olaryň aýdylyşy, ýazylyşy meňzeşdir.

Omonimleri köp manyly sözler bilen garyşdyrmaly däl. Sebäbi omonim bolup gelýän sözleriň her biri aýry-aýry many aňladýar.

gar - ygal, gar - garyşdyrmak.

Köp manyly sözler beýle däl. Köp manyly sözleriň manysy bir-birleri bilen örän baglanyşykly bolup, olaryň hemmesiniň aňladýan manysy şol sözüň asyl-esasy manysyndan ugur alýar, beýleki manylaryň hemmesi şol asyl many bilen baglanyşykly bolýar.

aýak - organizmiň bölegi, atyň aýagy, ýabyň aýagy.