3. Bogun

Sözüň birbada aýdylýan bölegine bogun diýilýär.

a-gaç, ot-luk, gul-pak.

Sözde näçe çekimli bolsa, şonça-da bogun bolýar.

goç, ge-çi, A-man.

3.1 Açyk we ýapyk bogun

Bogun iki hili bolýar:

Açyk bogun
Bognuň soňy çekimli bilen gutarýar: A-ta, Ba-ba.
Ýapyk bogun
Bognuň soňy çekimsiz bilen gutarýar: Mer-gen, Mur-gap, dyr-nak.

Türkmen dilinde bar bolan bir bogunly sözler, esasan, çekimsize gutarýar.

Men, sen, kak, gel, gül, gör we ş. m.

Türkmen dilinde sözleriň ortasynda çekimli sese başlanýan bogun bolmaýar. Şoňa görä-de çekimsize gutarýan sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulyp, bogna bölünende şol sözleriň soňundaky çekimsiz öz yzyndaky bognuň öňüne geçýär.

Meselem:
kakka-ky-myz
şe-kerşe-ke-re

Iki we ondan-da köp bogunly sözler setirden setire bogna bölünip geçilýär. Şonda sözüň setir-de galýan böleginiň yzyndan kese çyzyjak (-) goýulýar.

Bir harpdan ybarat bolan bogun setir ahyrynda galdyrylmaýar we täze setire geçirilmeýär.

Birnäçe sözüň soňunda iki çekimsiz ses ýanaşyk gelýär. Olaryň arasynda çekimli ses eşidilýän ýaly bolsa-da, ol ýazylmaýar we bir bogun hasap edilýär.

gaýt, süýt, wagt, ýyrt we ş. m.

Emma bu hili bir bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulan-da, olaryň soňundaky iki çekimsiziň soňkusy öz yzyndaky bognuň öňüne geçýär.

Meselem:
bagtbag-tyň
halkhal-ky-myz