2. Çekimsiz sesler

Çekimli sesler sap owazdan emele gelýär, emma çekimsiz sesler sap owazdan emele gelmeýärler. Çekimsiz sesler galmagaldan ýa-da galmagal bilen owazyň gatnaşmagyndan emele gelýärler. Türkmen dilinde 21 sany çekimsiz ses bar.

2.1 Açyk we dymyk çekimsizler

Türkmen diliniň çekimsizleri iki uly topara bölünýär:

  1. Açyk çekimsizler: b, d, g, j, ž, l, m, n, ň, r, w, ý, z.

    Açyk çekimsizler owaz bilen galmagalyň gatyşmasyndan emele gelýärler.

  2. Dymyk çekimsizler: ç, f, h, k, p, s, ş, t.

    Dymyk çekimsizler sap galmagaldan emele gelýärler.

Dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň her biriniň öz açyk taýy bar:

  • k → g
  • p → b
  • ç → j
  • t → d

Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişi

Soňlarynda dymyk k, p, t, ç çekimsizleri bolan köp bogunly we çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak, -räk, -ýar, -ýär goşulanda, şol dymyk çekimsizler degişli açyk g, b, d, j çekimsizlerine öwrülýärler.

Gurçuk-gurçugy, jorap-joraby.

Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriň soňundaky dymyk k, p, t, ç sesleri degişli goşulmalar goşulsa-da, açyk g, b, d, j seslerine öwrülmeýärler.

kak-kakyň, top-topuň, it-itiň.

Et, git, aýt, gaýt, gurp, zarp, enç, sanç, harç, pent, bent, gant, yşk, köşk ýaly az-owlak sözler bu kadadan çykarylýar.

Meselem:
etedýärin, edýärsiň
gitgidýärin, gidýärsiň
aýtaýdýaryn, aýdýarsyň.