Türkmen dili

6. Täze setire geçirmek düzgüni

  1. Sözüň setire sygmadyk bölegi täze setire geçirilende, olar bogna bölünip geçirilýär.

    baý-dak, pa-ra-hat-çy-lyk, de-mir-çi, te-kiz-le-mek.

  2. Paşy, işek ýaly sözler bogna bölünmän ýazylýar.

  3. Bir bogundan ybarat bolan sözler näçe sesden düzülen bolsa-da, olary täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar.

    stol, klas, metr, wagt, şrift, punkt, tekst, sprint, sport.

  4. Bir çekimliden düzülýän bogunlar setir soňunda hem goýulmaýar, täze setire hem geçirilmeýär.

    a-dam, A-şyr, A-man.

  5. Defis bilen ýazylýan goşulmalar (-la, -le, -ha, -hä, -da, -dä we ş. m.) we tirkeş sözleriň bir bölegi täze setire geçirilmeli bolanda, setiriň soňunda we täze setiriň başynda defis goýulýar.

  6. Sözleriň ilkinji seslerinden düzülen ýa-da sözleriň ilkinji seslerinden we sifrlerden düzülen gysgaldylan goşma sözleri täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar.