3. Goşma sözleriň ýazuw düzgüni

  1. Goşma has atlar bile ýazylýar.

    Amangül, Geldimyrat, Almaata, Köneürgenç, Gyzyletrek, Amyderýa, Köpetdag, Syrderýa

    Eger-de bile ulanylýan has atlaryň soňkusynyň yzyndan üçünji ýöňkemäniň goşulmasy getirilýan bolsa, onda olar aýry ýazylýar.

    Murgap derýasy, Kazbek dagy, Dnepr derýasy

    Goşulyp ýazylýan has atlaryň ortasynda ýanaşyp gelýän iki çekimliniň gepleşikde biri düşürilip geplense-de, ýazuwda olar düşürilman ýazylýar.

    Meselem:
    ÝalňyşDogry
    AnnorazAnnaoraz
    AlmataAlmaata
    KönürgeçKöneürgenç
  2. Basym taýyndan birleşen, fonetik özgerişe sezewar bolan we täze many aňladýan goşma sözler bile ýazylýar

    ýekegapan, gözdaňdy, atagzy, bedenterbiýe, gözbagçy, unaş, aýakgap, porsuderman, içigara, agzala, basybalyjy, bäşýyllyk, myhmansöýer, birentek, birneme, birsyhly, gözýetim, saryýagyz.

    Goşma jyns atlarda galdyrylyp geplenýän çekimli sesler ýazuwda hem düşürilip ýazylýar.

    Meselem:
    ÝalňyşDogry
    gelinejegelneje
    altyataraltatar
  3. Durubermek, goýubermek, görübermek, alybermek, gidibermek, turubilmek, duýubilmek ýaly goşma işlikler bile ýazylýar.

  4. Goşma sanlary emele getirýän sözleriň her biri aýratyn ýazylýar.

    on bir, on bäş, on dokuz, iki ýüz ýigrimi bäş.

  5. Tirkeş sözleriň aralaryna defis goýlup ýazylýar.

    köne-söne, oglan-uşak, gaty-guty, aňry-bäri, düzüm-düzüm, gel-git, otyr-tur, bäş-on.

    Iru-giç, azu-köp, gyzu-juwan, keýpi-sapa, ahy-zar ýaly tirkeş sözlerde baglaýjy goşulmalar (u, y, i) sözüň ilkisine goşulyp, onuň yzyndan defis goýlup ýazylýar.

  6. Sypatlaryň öňünden gelip, artyklyk derejesini ýasaýan m, p, s seslerine gutarýan bölekler bilen sypatlaryň aralaryna defis goýlup ýazylýar.

    göm-gök, gas-gaty, dos-dogry, ap-ak, gyp-gyzyl.

  7. Gaýtalanyp gelýän sözleriň aralygyndaky -a, -e, -ba, -be, -da, -de, -dan, -den, -ma, -me, -ha, -hä ýaly goşulmalar sözüň ilkisine goşulyp, onuň yzyndan defis goýlup ýazylýar.

    basa-bas, göçe-göç, ýylba-ýyl, günbe-gün, obama-oba, öýme-öý, gütde-güt, alha-al, sürhä-sür, tizden-tiz.

  8. Bir sözüň iki gezek gaýtalanmagy we soňkusyna -dan, -den goşulmagy bilen ýasalan tirkeş hallaryň arasyna defis goýlup ýazylýar.

    ýyl-ýyldan, gün-günden.