Türkmen dili

1. Aýry-aýry harplaryň ulanylyşy

1.1 Çekimli harplaryň ýazuw düzgüni

  1. A harpy uzyn aýdylýan a sesine (aý, gutap, bagly) we gysga a sesine derek (tagma, açyk, takyr) ulanylýar.

  2. E harpy e sesine derek (sen, bedew, geýim, demir, ýer, ýedi, eýe, eýer, çärýek, ezýet) ulanylýar.

  3. I harpy uzyn (diş, miwe, ige, nire) we gysga (dil, pikir, kitap, iki) i sesine derek ulanylýar.

    Uzyn aýdylýan i sesiniň soňundan ý sesi eşidilýän ýaly bolsa-da, olar edebi dilde ýazylmaýar.

    miýwe, siýmap, niýre ýaly geplense-de, miwe, simap, nire ýaly ýazylýar.

    Sözüň soňunda uzyn aýdylýan i sesinden soň ý hapry ýazylýar: iý, diý. Türkmen sözlerinde bularyň yzyna goşulma goşulanda hem, ý düşürilmän ýazylýar: iým, diýmek.

  4. O harpy uzyn (borç, odun, don, dodak) we gysga (oglan, orak, dogan) o sesine derek ulanylýar. Ol türkmen dilinde sada sözleriň diňe birinji bognunda ýazylýar. Soňky bogunlarda o ýaly eşidilýan çekilmä derek a harpy ýazylýar.

    dolok, oglon, owol, owsor ýaly geplense-de, dolak, oglan, owal, owsar ýaly ýazylýar.

    Sada sözüň birinji bognunda gelen o sesi goşulyp ýazylýan goşma sözüň haýsy bognunda gelse-de o harpy ýazylýar.

    Gündogar, günorta, günortan.

    Sypat ýasaýjy -sow, sowult, -hor, -hon goşulmalardaky o sesi sözüň haýsy bognunda gelseler-de, olar o harpy bilen gazylýarlar.

    Parahor, aksowult, damaksow.

    Birinji bogunda o sesi gelen sözleriň öňünden bi- goşulmasy gelip, o sesi ikinji bogna geçse-de, oňa derek o harpy ýazylýar.

    Sorag-bisorag, sowat-bisowat.

    Türkmen diline rus dilinden geçen sözlerde o harpy sözüň her bir bognunda ýazylyp bilner.

    Kolhoz, sowhoz, biohimiýa, traktor.

  5. Ö harpy uzyn (bölüm, gök, dört, döş, köz) we gysga (böwet, göz, göle, göreş, köýnek) ö sesine derek ulanylýar. Ol sada sözleriň diňe birinji bognunda ýazylyp, soňky bogunlarda ö ýaly eşidilýän sese derek e harpy ýazylýar.

    börök, jöwön, gözönök ýaly geplense-de, börek, jöwen, gözenek ýaly ýazylýar.

    Sada sözüň birinji bognunda gelen ö sesi goşulyp ýazylýan goşma sözüň haýsy bognunda gelse-de ö harpy ýazylýar.

    Bagröýken, gijöýlän ýolöten, guşgözi, mekgejöwen.

    Birinji bogunda ö sesi gelen sözleriň öňünden bi- goşulmasy gelip, ö sesi ikinji bogna geçse-de, oňa derek ö harpy ýazylýar.

    Döwlet-bidöwlet.

  6. U harpy uzyn (uk, surat, duşmak) we gysga (ulag, uruş, ussa) u sesine derek ulanylýar.

    Sada sözleriň birinji we ikinji bogunlaryndaky u sesine derek u harpy ýazylyp, ondan soňky bogunlarda eşidilýän u sesine derek bolsa y harpy ýazylýar.

    Gurluşyk, durmuşymyz.

  7. Ü harpy gysga (ülke, sübse, üçem) ü sesine derek ulanylýar. Uzyn ü sesini aňlatmak üçin bolsa, ü harpynyň yzyndan ý ýazylýar (çüýşe, süýt, üýşmek, güýç, çüý, süýşmek, tüýdük).

  8. Y harpy uzyn aýdylýan (ys, gybat, gyz) we gysga aýdylýan (ygal, ylym, yssy, yşyk, şygyr) y sesine derek ulanylýar.

  9. Ä harpy uzyn aýdylýan (bäş, bäri, gämik, däne, däri, mälim, şänik) we gysga aýdylýan (äkitmek, jähek, bähbit, mähir, mähnet, zähmet, şäher) ä sesi üçin ulanylýar.

1.2 Çekimsiz harplaryň ýazuw düzgüni

  1. B harpy sözüň başynda we sözüň ortasynda zarply dymyk p sesinden soň gelende, zarply b sesine derek (bal, bir, kepbe, gupba), başga ýagdaýlarda süýkeş b sesine derek (abat, sabyn, gabyk, gaba, sebet, gurbaga, bilbil) ulanylýar.

    B hapry alynma sözlerden (romb, gerb, leb) başga sözleriň soňunda ýazylmaýar.

  2. W harpy tegelek yşgalaňly dodagara w sesine (wada, gawun, aw, wekil, döwür, düwme, düw), internasional sözlerinde (waza, razwedka, rewizor) ýasy yşgalaňly dodak-diş w sesine derek ulanylýar.

  3. G harpy dört sany ses üçin ulanylýar:

    1. yzky kentlewük zarply g sesi üçin: gara, goýy, guzy, tokga;
    2. ortaky kentlewük zarply g sesi üçin: göz, geýim, geçi;
    3. yzky kentlewük süýkeş g sesi üçin: agyz, çaga, aga, tyg;
    4. ortaky kentlewük süýkeş g sesi üçin: egen, düzgün, özge, çigit, degirmen.
  4. D harpy türkmen sözlerinde sözüň başynda we ortasynda eşidilen ýerinde ýazylyp, sözüň soňunda ýazylmaýar, internasional sözlerinde bolsa sözüň soňunda hem ýazylýar.

    dag, adam, bedre, rekord.

  5. Ž harpy sözüň eşidilen ýerinde ýazylýar: žanr, žurnal, aždarha, bagaž.

  6. J harpy sözüň başynda we ortasynda ýazylyp, sözüň soňunda ulanylmaýar: jaý, jedel, jorap, eje, agy, monjuk. Emma käbir alynma sözleriň soňunda hem ýazylýar: kottej, kollej.

  7. Z harpy sözüň hemme ýerinde ýazylýar.

    az, zakazçy, zor, zehinli, zähmet, zergär.

  8. Ý harpy sözüň hemme ýerinde -- başynda (ýüz, ýigit, ýüň), ortasynda (baýrak, goýy, geýim, çaýyr) we ahyrynda (baý, taý, çüý, aý) ýazylýar.

  9. K harpy ortaky kentlewük k sesine (kümüş, ýüpek, ekiş, erik) we yzky kentlewük k sesine (kagyz, kaka, ak, gatyk, tokaý, bakja) derek ulanylýar.

  10. L, m, n harplary sözüň hemme ýerinde gelip bilýär.

  11. Ň harpy sözüň diňe başynda gelip bilmeýär, sözüň ortasynda we ahyrynda ýazylýar.

    goňur, meňzeş, soň, müň, aň.

  12. P, r, s, t harplary sözüň hemme ýerinde gelip bilýär.

  13. F harpy sözüň hemme ýerinde gelip bilýär.

  14. H harpy bogazda emele gelýän (habar, haýwan, hekaýa, hat, haly) we yzky kentlewük (wah, ahmyr, parh, nyrh) h seslerine derek ulanylýar.

  15. Ç, ş harplary sözüň hemme ýerinde ýazylýar.