zyňmak işlik

  1. Zady uzaga düşürmek üçin batly taşlamak, dazyrdadyp goýbermek, oklamak.

    • Şol mahal oglanjyk elindäki pökgüsini özlerine ýakynlaşyp barýan Mährä zyňdy. (A. Gowşudow, Mähri- Wepa)

  2. Harap bolmak, zaýalanmak ýa-da derde ýaramazlyk zerarly atyp goýbermek, aýryp taşlanmak, aýyrmak.

    • Bu gün geler, erte geler bilen güllerine suw sepip, iki-üç günläp saklasa-da, ahyry zyňmaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Ýüz döndermek, unutmak, bes etmek, goýmak.

    • Ýaltalygy zyňmak üçin kynçylygy ýeňmek üçin, tutanýerli bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  4. Batly towusmak, ýokary bökmek.

    • Aýagynyň astynyň ykjam däldigini syzan mes bir at asmana zyňdy-da, iki wagonyň arasyna düşüp, bir aýagyny döwdürip, germesatan asylyp galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Ahyryna çenli ýetirmän goýmak, ahyryna çenli dowam etdirmän galdyrmak, eýgermän goýmak.

    • Bir işi başlap zyňmak.