zordan sypat

[zo:rdan]

  1. Zor bilen, güýç bilen, kynlyk bilen.

    • Ol ýaglygy zordan çözdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Kä ýerlerine suw ýygnanan ýol bilen gelýän ýük maşyny zordan ýöreýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Çala, çalaja.

    • Bu sesi diňe gulagy mis ýaly adamlar zordan eşidip bilse-de, nämedigini aňşyryp biljek däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Göwünli-göwünsiz, çala.

    • Aýna zordan seslendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)