zor at

[zo:r]

  1. Güýç, kuwwat, gujur.

    • Ganymlardan aldyň ary, Kuwwatlandy goluň zary. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  2. Güýçli, kuwwatly, gujurly.

    • Işde tutanýerli zor ägirtlere hormatly kän salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ýagyş dogrudan hem zor ýagýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Oňat, gowy, ökde, gaýratly.

    • Ol zor ýygymçy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Maşynlaryň hem öziň zor işleýän bat bilen. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem zor - zorum, zoruň.

zor bermek

Köp güýç sarp etmek, güýçli hereket etmek, bir işe janypkeşlik bilen ýapyşmak, zor salmak, gaty agram salmak.

zor etmek

Zorluk etmek, güýç görkezmek.

  • Başlyk zor edip durmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

zor salmak

seret zor bermek

  • Men aýak çekip gulagyma näçe zor salsam-da, ýaňky inçejik ses gaýtalanmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

zora düşmek

Zorluk görmek, zoraýakdan, zora galyp etmek.

  • Atam meni zora düşüp barýandyr hyýal etmesin. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • zora
  • zoram
  • zorda
  • zordaky
  • zordan
  • zordanam
  • zordugyna
  • zordugyny
  • zordugyňyzy
  • zorduklary
  • zordur
  • zordy
  • zorludyr
  • zorluga
  • zorlugam
  • zorlugy
  • zorlugyna
  • zorlugynyň
  • zorlugyň
  • zorluk
  • zorlukda
  • zorlukdan
  • zorlukdanam
  • zorlulyk
  • zorly
  • zormuş
  • zorum
  • zorumyz
  • zoruna
  • zorundan
  • zoruny
  • zoruň
  • zoruňy
  • zoruňyz
  • zory