zolak at

[zo:lak]

  1. Matanyň ýüzüne gelşik üçin edilýän inli zol-zol çyzmyklar.

    • Ganatlarynyň üstünde zolak ak çyzmyklar bar. (N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir)

  2. Giňişligiň inçeden bir ugra uzap gidýän bölegi.

    • Kurort dag etegi bilen sähra zolagynyň araçägynde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşendir. (M. G. Berdigylyjow, Türkmenistanyň kurortlary)

  3. Bir zadyň uzap gidýän ugry bilen gögerýän ýa-da ýerleşýän ýeri, meýdany.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zolak - zolagy.