zehinlilik at

[zehi:nlilik]

Zehini güýçlülik, zehini ýitilik, ukyplylyk, talantlylyk.

  • Mugallymlar onuň ajaýyp zehinlidigini we poýeziýany aýratyn gowy görýändigini belleýärdiler. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Gurt özüniň ýiti zehinliligi bilen ökde hat-sowatly bolupdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zehinlilik - zehinliligi.