zeýtun

[zeýtu:n]

  1. Botanika Günorta ýurtlarda ösýän, hemişe gök salyp duran subtropik ösümlik we onuň ýag alynýan garaly pisint miwesi, maslina.

    • Gresiýada zeýtun we üzüm agaçlaryny ösdürmek gowy başardýar. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Bulwarda, buýraly zeýtun astynda. Otyr iki juwan söhbete gyzyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Sarymtyl ýaşyl reňk.

zeýtun don

Sarymtyl-ýaşyl reňkdäki don, zewerjet don, zewerjet daşynyň reňkindäki don.

  • Halnazaryň garşysynda duran orta boýly, zeýtun donly, gürzelek ak sakgaldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)