zat

[za:t]

  1. Her dürli materiallar, harytlar, aýratyn predmet, önüm we ş. m.

  2. Dürli hadysa, waka, ýagdaý, ahwalat we ş. m.

    • Arkaýynçylyk wagtynda seniň hemme zada akylyň hem ýetýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zat - zadym, zadyň.